- aglamak
- işlik[a:glamak]1) Gözýaş etmek, gözüňden ýaş dökmek.∙ Birinji gezek begenjinden aglady.∙ Gulman baýyň körpe ogly bolsa möňňürip aglaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)2) Göçme manyda Bir zada gynanyp zeýrenmek, ahmyr çekmek, zarynlamak.∙ Halkyň beýle ýagdaýyna şahyr aglaýar. («Edebiýat»)∙ Men şeýle hala etmiş üçin düşmän, siziň günüňize aglanym üçin düşdüm. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ «Aglamadyk çaga emjek ýok» diýip, Kän gezek eşdenňi bilýärin, eý, gyz! (B. Seýtäkow, Senemiň Söýgüsi)◊ gan aglamak — Güýçli jibrinmek, zorluk görüp, nala çekip, gaty gynanyp zeýrenmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.